Sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, ýiti ýokanç keselleriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda söwda we jemgyýetçilik kärhanalarynyň, medeniýet we hyzmat desgalarynyň işine, şeýle hem gatnawlara girizilen çäklendirmeler 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli uzaldyldy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Bellenilen senä çenli ýurtda söwda (azyk we gündelik zerurlykdaky harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň (toý mekanlarynyň, restoranlarynyň, kafeleriň we naharhanalaryň) işi çäklendirilýär.
Şeýle hem kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun attraksion seýilgähleriniň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendirilýär. Çäklendirmeler şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuwlaryň we oýun merkezleriniň ähli görnüşlerine degişlidir.
Şol bir wagtda, hereket edýän arassaçylyk-öňüni alyş kadalaryny berk berjaý etmek, şeýle hem 09:00-dan 20:00-a çenli iş tertibini saklamak şerti bilen dellekhanalaryň we tikinçilik atelýeleriniň işine rugsat bermekligiň möhleti 1-nji marta çenli uzaldylýar.
Bulardan başga-da, sport ýaryşlarynyň ählisini, şol sanda uniwersiadalary we spartakiadalary geçirmeklige, metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat etmeklige gadaganlygyň möhleti hem bellenilen senä çenli uzaldyldy.
Berlen senä çenli ýolagçy demir ýol gatnawlaryna, şäherara awtobus gatnawlaryna çäklendirmeler hem uzaldyldy.
Teswirler