Angliýadaky 4 ýaşly gyzjagaz, 220 million ýyllyk dinozawryň aýak yzyny tapdy.

Angliýada ýaşaýan 4 ýaşly Lili Waller atly gyzjagaz maşgalasy bilen Galler şäherindäki derýanyň kenaryna gidýär we gaýalaryň arasyndan 220 million ýyl mundan ozal ýaşan dinozawryň aýak yzyny tapdy. 75 santimetr ululykdaky bu dinozawryň aýak yzy Galler şäherindäki Milli muzeýde ýerleşdirildi.

Berilýän maglumata görä, aýak yzynyň uzynlygy 75 santimetr we 220 million ýyl ozal ýaşan dinozawr tarapyndan galdyrylypdyr. Takmynan 2,5 metr ululyga ýetýän bu dinozawryň aýak yzlary ýerleşýän ýerinden alnyp, Galler şäherindäki Milli muzeýde ýerleşdirildi.

Angliýanyň öňdebaryjy gazetlerinden biri bolan “Wales Online” aýak yzyny “soňky 10 ýylyň dowamynda Angliýada tapylan iň oňat dinozawr galyndysy” diýip atlandyrdy. Meşhur arheolog Karl-Jeýms Langford öz işinde 220 million ýyllyk aýak yzy barada şeýle diýdi: “Bu aýak yzy halkara derejesinde möhümdir, şonuň üçin muzeýimiz ony derrew almak isledi. Tapylan dinozawryň aýak yzy hakykatdanam ajaýyp we bitewi diýen ýaly.”

Faruh AÝNAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok