“Xiaomi” beýni kesellerini bejerip bilýän akylly äýnekleri öndürmek üçin patendi aldy.

Hytaýyň iň iri tehnologiýa kompaniýasy “Xiaomi”, berilen habara görä beýni kesellerini şeýle-de akyl-ruhy kesellerini bejermäge ukyply äýnekleri öndürer. Elbetde, äýnegiň nä wagt  çykjagy belli däl.

“Xiaomi” kompaniýasy gündelik durmuşymyzda ulanýan islendik tehnologiýalary öndürmek bilen tanalýar. Önümleriniň giň görnüşine eýe bolan bu kompaniýa, beýni kesellerini bejerip bilýän akylly äýnekleriň patendini aldy.

“Pekin Xiaomi Mobile Software Co. Ltd” kompaniýasy tarapyndan alnan täze patentde “akylly äýnek we äýnek gaplary” barada  agzalýar. Kompaniýanyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, “Xiaomi” akylly äýnekler 4 ölçegli we “bejeriş signaly” bilen üpjün ediler. Bu bejeriş signaly beýni kesellerini, depressiýa we alada ýaly akyl ýagdaýlaryny, hatda göz ýadawlygyny hem ýeňilleşdirer.

Mundan başga-da, akylly äýnek wizual signallary ýaly ses signallaryny iberip biler. Şeýlelik bilen, akylly äýnegiň täsiri hasam artar. Mundan başga-da, elektromagnit tolkunlary çykarýan äýnekler beýnimizdäki gan aýlanyşyny sazlap biler. Şonuň üçin äýnek doly saglyga peýdaly ýagdaýda bolar.

EMIR GARÝAGDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok