Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her bir ýylyň ýurdumyzda ajaýyp bir şygar bilen atlandyrylmagy Garaşsyz Watanymyzyň maksatnamalaýyn ösüşiniň, düýpli özgerişiniň özboluşly bir milli esasyny alamatlandyrylýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bellenip geçiljek şu ýylymyzyň hem «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda diýseň uly many bardyr. Çünki, parahatçylyk we ynanyşmak – döwlet Garaşsyzlygynyň mizemez berk binýadydyr. Ýagny, ynanyşmak – ynsanyň göwnüni galkyndyryp, belent hyjuwyny beýik maksatlara atarýan ruhy güýçdir. Parahatçylyk bolsa, birek-birege bolan ynamdan dörän asuda durmuşdyr. Diýmek, ynanyşmak bolan ýerinde parahatçylyk bar, parahatçylyk bolan ýerinde döwlet berkararlygynyň mäkäm sütüni bar. Hut şu nukdaýnazardan-da, parahatçylyk we ynanyşmak – türkmen halkynyň şu günki bolelin we bagtyýar durmuşynyň, asuda hem abadan ýaşaýşynyň gözbaşydyr. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň bütindünýä ýaň salýan beýik ösüşleriniň, özgerişli gadamlarynyň sakasynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň durandygyny aýan edýär. Ýeri gelende aýtsaň, «Ynam bolmasa özüňde, derek galmaz sözüňde», «Akyl ýok ýerinde ynam-ynanç ýokdur.» – diýen atalar sözleri hem türkmen halkynyň «ynam», «ynanyşmak» diýen düşünjelere şeýle uly üns berendiklerini aýan edýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçiriljek dürli halkara bäsleşikleri – daşary ýurtly aýdymçylaryň arasynda türkmen aýdymyny aýtmagyň halkara bäsleşigi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işleri boýunça halkara bäsleşigi, «Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşigi, sport ýaryşlaryny teswirleýjileriň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigi, şeýle hem welosportuň welotrek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, biziň ýurdumyzyň hakykatdan hem, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny bütindünýä jemgyýetçiligine äşgär eder. Munuň özi bolsa, eziz Diýarymyzyň diňe bir «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň däl-de, eýsem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň hem belent maksatlarynyň baý many-mazmunyny tutuş ýer ýüzüne aýan edýändigini görkezýär. Çünki, parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu düşünjeler halkara hyzmatdaşlygynyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk ýaly asylly ýörelgeler daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan Garaşsyz Watanymyzyň baş maksadydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýy eziz Diýarymyzyň ýurt berkararlygynyň 30 ýylynyň içinde mukaddes Watanymyzda ýetilen beýik sepgitleri, gazanylan ägirt uly üstünlikleri, parahatçylyk we ynanyşmak babatda dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri bütindünýä jemgyýetçiligine aýan eder.
A.F.Sahatowa,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň rus dili
kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler