HGI-da döredijilik duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly we peýdaly geçirmek maksady bilen  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň kinofotofono resminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwiniň direktorynyň orunbasary Baýram Hudaýberdiýew we ýokarda agzalan müdirligiň baş hünärmeni Begenç Berdiýew bilen duşuşyk geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar bu edaranyň alyp barýan işi, şeýle-de taryha sarpa goýmak, medeni mirasy ösdürmek we ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmek dogrusynda çykyş etdiler.

Geçirilen duşuşyk talyplarda watansöýüjilik, medeni- mirasa we millilige sarpa goýmak häsiýetleri terbiýeledi. Çäräniň dowamynda foto we kino maglumatlaryň görkezilmegi talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar talyplaryň özlerini gyzklandyrýan sowallaryna jogap berdiler.

Laçyn HOJAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok