«Mert ýigitden mert dogar»

Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň gününiň giňden dabaralandyrylýan şu günlerinde  dana ata-babalarymyzyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen ajaýyp pähiminiň mazmun teswiri barada söhbet etmeklik diýseň ýakymlydyr. Çünki, parasatly pederlerimiziň bu täsin pähimi adaty bir durmuş hakykatydyr. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň  «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabyndaky: «Mogol hany Çingiz han Hind derýasynyň boýunda bolan söweşde, Jelaleddin Meňburnuň gahrymançylygyny görüp, öz gözügidijiligini we duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny şeýle sözler bilen daşyna çykarýar: «Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr.»»1 – diýen taryhy tymsaly hem «Mert ýigitden mert dogar»2 diýen atalar sözüniň durmuşyň synagyndan geçen takyk netijesidir. Çünki, türkmen halkynyň 5000 ýyllyk şöhratly taryhyna ser salamyzda-da, Gadymy Oguz türkmen döwletinde Oguz handan Gün han,  Beýik Seljukly türkmenleriň döwletinde Çagry begden Alp Arslan, Alp Arslandan Mälik şa, Mälik şadan Soltan sanjar, Köneürgenç türkmenleriň döwletinde Muhammet Horezmşadan Jelaleddin Meňburun ýaly beýik şahsyýetleriň kemala gelmekligi «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner»3  diýen şahyrana taglymynyň ýöne ýerden döremändigini görkezýär. Bu babatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hem, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyraga nezire hökmünde ýazan «Mert ýigit mert ärden öner»4 atly şygrynda:

Bu ýodalaň, bu ýollaryň gelşini,
Oguldan-ogula güýjün geçirip.
Mert ärleriň ýürek bolup bilşini,
Il-gününe döwür-döwran eçilip

– diýen şahyrana setirleri dile getirýär. Ussat zenan şahyrymyz beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» – diýen şahyrana taglymy bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň mukaddes Watanymyzyň häzirki Bagtyýarlyk zamanasynda hem öz beýanyny tapýandygyny «Arkadagym merdanamsyň, merdimsiň»5 poemasyndaky:

Asla bolup bilmez Sen bolup biljek,
Diňe Saňa bagly ertämiz Gerçek,
Dowamyň barlygy yzyň eýerjek,
Arkadagym, Merdanamsyň, Merdimsiň

– diýen, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemasynyň:

…Baksa nazaryňy Kerim ýatladýar,
Dowamatyň dowam, dowam Arkadag! – diýen ajaýyp şygyr setirlerinde belleýär. Halypa zenan şahyrymyz bu liriki eserinde Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň keşbindäki mertlik gylyk-häsiýetiniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, ýagny agtyga kakasyndan geçen mertligiň onuň kakasyna kakasynyň kakasyndan geçendigini, edebi dilde aýdanymyzda, onuň atasyna atasynyň atasyndan geçendigini:

–  Mertlik geçip barýar at:a atadan6,                                             
– Ataga atadan ýol ýatyr bärde7 – diýen şygyr setirlerinde uly buýsanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, özüniň bu şygyr

setirlerinde,  «Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň»8, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag»9 atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde milli Liderimiziň dowamatynyň türkmen halkynyň häzirki Bagtyýarlyk döwrüniň dowamatydygyny uly buýsanç bilen beýan edýär.

Hut şu nukdaýnazardan-da, şahyr  beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» – diýen parasatly taglymy bilen «Mert ýigitden mert dogar»diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş «Watan ogly mertden geler» diýen ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşyny öňe sürýär. Munuň özi halypa zenan şahyryň aňrybaş ussatlygyndan habar berýär.

            «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözündäki, beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» – diýen şahyrana taglymyndaky, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Watan ogly mertden geler» diýen ajaýyp şygyr setirindäki «mertlik» düşünjesi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowanyň «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy makalasynda belleýşi ýaly, erkek adamyň pähimliliginiň, dogumlylygynyň, gaýratlylygynyň, batyrlygynyň, edermenliginiň, çydamlylygynyň, jomartlygynyň, rehimliliginiň,  myhmanparazlygynyň jemi diýmekligi aňladýar. Mertlik – ynsanyň watansöýüjiliginiň, ynsanperwerliginiň, dogry sözlüliginiň,  wepalylygynyň, göwnaçyklylygynyň, elaçyklylygynyň beýanydyr.

Halypa alym Käbe Borjakowa: «Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň özi hamyrmaýasy – batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik… diýmegi aňladýar.»  – diýip bellemeklik bilen, «mertlik» düşünjesini aňladýan manysy boýunça nusgawy türkmen edebiýatyndaky we häzirki zaman türkmen edebiýatyndaky «mertlik» düşünjesi diýen iki topara bölýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa «Watan ogly mertden geler»[10] atly şygrynyň:

Watan ogly mertden geler,
Ömürlik ömrüni egläp.
Il Ogly deý ismin ýaýar
Türkmenini bar eýläp.

– diýen ajaýyp setirlerinde özüniň «mertlik» babatdaky şahyrana pikir-garaýyşlaryny beýan edeninde  hormatly Prezidentimiziň Beýik Şahsyýetini, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işlerini bir pursat hem nazaryndan sypdyrmaýar.  Halypa zenan şahyrymyz Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetindäki mertligiň şu günki Watan goragçylary üçin nusgalyk göreldedigini özüniň liriki eserlerinde belleýär.

Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy

[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. 244 – 245 -nji sahypalar;
[2] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 424-nji sahypa;
[3] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 95-nji sahypa;
[4] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 95 – 96-njy sahypalar;
[5] Gözel Şagulyýewa. Gezdim şygryň dünýäsinde. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2020.  148-nji sahypa;
[6] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 61-nji sahypa;
[7] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 53-nji sahypa;

[8] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013.  90-njy sahypa.
[9] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 116-njy – 130-njy sahypalar;
[10] Gözel Şagulyýew. Ak gülleriň – ak ýolum. – A.:  Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2010. 65 – 66-njy sahypalar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok