Özüniň birnäçe tehnologiýalary bilen köpleriň ýakyndan tanaýan brendi LG mundan beýläk telefon öndürmezlik kararynda geldi. Bunyň sebabi bolsa smartfon bazarynda bäsleişigiň güýjeýändiginde we bu bäsleşikde yza galyp kompaniýanyň adyna zyýan degmekden gorkýandyklaryny belleýärler.
Emma muňa garamazdan, kompaniýanyň wekilleri “The Verge” habar gullugyna entek gutarnykly karara gelmändiklerini aýtdylar. Soňky 5 ýylda mobil ugurda LG juda şowsuz täjirçilik edip ep-esli ýitgi çekdi. Häzirki wagtda LG dünýädäki iň uly smartfon öndürijileriniň onlugyna girmeýär.
Güljeren ALYMOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler