IKI DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň barşynda Döwlet baştutanlary iki ýurdyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşyklaryň häziki ýagdaýyny şeýle hem, ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Web-saýtda ýerleşdirilen habara görä ol duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriniň netijesi esasynda, iki ýurdyň DIM-iň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Haltäç SAFAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok