Dinozawrlar adamzatdan has öň aýa baran bolmagy mümkin..

Dinozawrlar, Piter Branneniň 2017-nji ýylda çap edilen bir kitabyndaky bir teoriýa görä, adamlardan has öň Aýa baran bolmagy mümkindir diýip aýdylýar.

1969-njy ýylyň 20-nji iýulynda Neil Armstrong ýer ýüzündäki ýeke-täk tebigy emeli hemrasy bolan Aýyň üstüne aýak basyp, ýerüsti asman jisimine gonan ilkinji adam boldy.

Meşhur alym Piter Brannen 2017-nji ýylda neşir edilen “Dünýäniň soňy: Wulkanly ahyrzamana, ölümli ummanlar we Ýeriň taryhyna düşünmek islegimiz” atly kitabynda dinozawrlaryň adamzatdan has öň Aýa baran bolmagynyň mümkindigini öňe sürülýär. Bu barada häzirki wagtda birnäçe jedeller döredi.

Aýda häzirki wagta çenli “dinozawryň ýekeje galyndylary” hem  tapylmady.

Bilşimiz ýaly, äpet meteoridiň Ýere degmegi bilen  dinozawrlar ýitip ýok boldy. Brannen dinozawrlaryň galyndylarynyň meteorit urlanda gaýa bölekleri bilen birlikde kosmosa ýaýrandygyny öňe sürýär.

Bu teoriýanyň dogry bolmagy ähtimalmy? Elbetde hawa. Panspermiýa teoriýasy janly-jandarlaryň ýa-da olaryň galyndylarynyň meteoritler arkaly planetalara syýahat edip biljekdigini öňe sürýär. Mysal üçin, Ýere urlan meteorit bu ýerdäki janly organizmleriň kosmosa ýaýramagyna we beýleki planetalara ýetmegine sebäp bolup biler. Aslynda Ýerdäki ýaşaýyş, Marsa degen asteroidiň organiki maddalary Ýere alyp gelmegi netijesinde ýüze çykypdyr.

Jennet ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok