GlobalPetrolPrices.com portalyň düzen sanawyna görä Türkmenistan dünäde iň arzan benzini bolan döwletleriň ilkinji onlugyna girmegi başardy.
Degişli sanawa görä, A-95 kysymly benziniň bir litriniň bahasy 0,43 Amerikan dollary (1,5 TMT) bolan Türkmenistan sanawda onunjy oruny eýelemegi başardy. Bu görkeziji GDA agza döwletleriň içinde ikinji orna eýedigini aňlatýar. Dünýäde benziniň bir litriniň otaça bahasy $1.05 barabardyr.
11-nji ýanwara çenli ýagdaýa görä, sanawda birinji ýerde Wenesuela ýerleşýär, ol ýerde benziniň 1 litriniň bahasy 0,02 dollara deňdir.
Dünýäde iň gymmat benzin Gonkongda satylýar. Ol ýerde benziniň 1 litriniň bahasy $2,33 barabardyr.
Aýjeren ŞYHOWA
Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby
Teswirler