“Russiýanyň energiýa kompaniýasy bolan “Gazprom” özüniň satuw işleri we kompaniýanyň häzirki bazar ýagdaýy baradaky maglumatlaryny täzeledi” diýip Turkmenportal internet habar portaly belleýär.
Habarda bellenilşine görä, 2021-nji ýylyň 1-15-nji ýanwarynda GDA agza ýurtlaryna eksport edilen gazyň mukdary 9,1 milliard kub metre ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42 göterim ýokarlandy. Bu bolsa kompaniýanyň taryhynda ikinji uly görkeziji bolýar.
“Kompaniýanyň beýanyna görä, esasanam Germaniýa (32,1 göterim), Italiýa (139,7 göterim), Türkiýe (8,7 göterim), Awstriýa (11,7 göterim), Fransiýa (51,6 göterim), Gollandiýa (21,2 göterim), Polşa (62,6 göterim) we Wengriýa (298,4 göterim) ýaly ýurtlar gaz almagyny artdyrdy.
Deslapky maglumatlara görä, şu ýylyň 1 – 15-nji ýanwary aralygynda gaz çykarylyşy 22,6 milliard kub metr bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim ýokarlandy. Içerki bazardaky isleg şu ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda 14,7 göterim ýokarlanyp, 2,1 milliard kub metre ýetdi” diýlip habar portalynda maglumat berilýär.
Suraý TAGANOWA
Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby
Teswirler