Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagt Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany halkara forumlary geçirmek üçin meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň gurluşygy bilen tanşyp, daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Milli Lider Maslahatlar merkezi Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna türkmen halky üçin ajaýyp sowgat bolar diýip, geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de dünýäniň şäher gurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir diýip, döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, täze gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalarda, aýratyn-da, döwrebap myhmanhanalarda halkara derejeli çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi zerurdyr diýip, ýurt baştutany degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Köpetdagyň eteginde gurulýan Hökümet münberiniň tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk-ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, myhmanlar üçin 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar. Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk-abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň goşun-generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şol tehnikalar Milli Goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny, onuň häzirki zaman tehniki üpjünçiligini açyp görkezýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň çykyşlary üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Ahalteke bedewi taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, türkmen jigitleriniň ençeme nesillerine wepaly gulluk edip gelýär. Bedew olar üçin wepaly ýoldaş we dost bolup durýar diýip, Belent serkerdebaşy beýan etdi.
Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.
Teswirler