2020-nji yylyň jemi: 17 million manatlyk demirbeton önüm öndürildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrligine degişli Daşogyzuň Demirbeton önümleri zawody hem ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bu ugurda uly işleri alyp barýar. Bu ýerde diňe bir iri panelli konstruksiýalaryň köp görnüşi öndürilmän, eýsem kärhananyň öz gurluşyk edaralary-da hereket edýär. Olar tarapyndan Daşoguz şäherinde, esasan, köp otagly kerpiç we iri panelli jaýlar gurulýan bolsa, welaýatyň beýleki künjeklerinde ipoteka maksatnamasy boýunça kottej görnüşli hususy jaýlar gurulýar.

Şeýle-de bolsa, ýöriteleşdirilen häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen zawodyň işiniň esasy ugry halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin gerekli bolan beton we demir-beton önümleri, şol sanda dürli ölçegdäki turbalary, betonlanan lagym guýularynyň gapaklaryny we beýlekileri öndürmekden ybarat bolup durýar. Bu ýerde diňe geçen ýylyň özünde 17 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Aýna Reýimowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok