Hepdäniň şenbe güni däp bolşy ýaly S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleriniň arasynda onlaýn duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň agzalary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň bu gezekdäki maslahaty “Türkmenistanyň şertlerinde hlorella wulgarisi ýetişdirmegiň tehnologiýasy” ady bilen bolup, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri çykyş etdiler.
Bir öýjükli hlorella suwoty – adatdan daşary iýmitlik gymmaty bilen ýokary kuwwatly önüm hökmünde giňden mälimdir. Atmosfera zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaltmakda bir öýjükli suwoty bolan hlorellanyň ähmiýeti örän uludyr. Ol özüniň ösüş döwründe kömürturşy (CO2) gazy bilen iýmitlenip, kislorody (O2) bolsa bölüp çykarýar. Hlorella 1 kg mukdarda kömürturşy gazyny sorup alanda, 727,3 gram kislorod bölünip çykýar. Diýmek, atmosfera zyňylýan zyýanly gazlaryň biri bolan kömürtuşy gazyny ulanyp, ekologiki taýdan arassa hem-de galyndysyz önüm almak mümkinçiligi ýüze çykýar. Hlorellanyň kadaly ösüp, ýetişmegi we bol hasyl bermegi üçin esasan ýagtylyk, ýylylyk we kömürturşy gazy ýeterlikdir. Şol sebäpli-de hlorellany ösdürip ýetişdirmek örän amatlydyr. Ol beýleki ýerüsti ösümlikler ýaly topraga we mineral dökünlere talapkär däldir. Hlorellanyň ýorite suw howdanlarynda, akwariumlarda ýa-da ýörite fotobioreaktorlarda ösdürilip ýetişdirileni üçin oňa tarp ýerler ýa-da oba hojalygyna ýaramsyz ýerler hem bolýandyr.
Hlorellanyň biohimiki häsiýetnamasy.
1 litr hlorellanyň suspenziýasynda 5-6 gram hlorellanyň çig biomassasy saklanýar, ýagny: 45-55% – belok; 5-10% – lipidler; 35% – uglewodlar; 10 % -e çenli mineral maddalardan durýar.
Düzümindäki belogyň hili boýunça hlorella ähli iýmlik goşundylardan we iýmitlik önümlerden ýokarda durýar. Onda zerur bolan ähli aminokislotalar, şol sanda ornuny çalşyp bolmaýan aminokislotalar hem saklanýar. Hlorellanyň mineral bölegine: 4,79% – kalsiý; 2,51% – fosfor; 4,7% – demir; 0,47% – margenes; 0,009% – kobalt; 0,048% – mis degişlidir.
Bu bolsa ýorunja we klewer ýaly ösümlikleriň düzümindäkiden 6-10 esse ýokarydygyny görkezýär.
Hlorellanyň ýene-de bir wajyp düzüm böleginiň biri hem hlorofildir. Hlorofil gymmatly bejeriş-öňüni alyş häsiýetine eýedir. Hasaplama boýunça onuň gury maddasyndaky mukdary 4-6% ýetýär. Bu bolsa gury ýorunja bilen deňeşdirilende 20-30 esse artykdyr.
Haýwanlaryň organizminde hlorofil aşakdaky funksiýalary ýerine ýetirýär:
Organizmi demir bilen üpjün edýär;
Eritrosidleriň – gyzyl gan öýjükleriniň gurluşyna gatnaşýar;
Içegäni arassalaýar, toksinleri çykarýar;
Bagryň arassalanmagyna ýardam edýär.
Maldarçylykda hlorellanyň suspenziýasynyň peýdalanylyşy
Hlorellanyň suspenziýasy esasan oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň semremegi üçin, nesil berijiligini gorap saklamak üçin, önümliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de reproduktiw häsiýetlerini gowulandyrmak üçin ot-iým hökmünde ulanylýar.
Hlorellanyň suspenziýasyny ulanylanda aşakdaky netijeleri berýär:
Diri agramynyň artmagy boýunça: gölelerde – 25-40%; doňuzlarda – 20-30%; broýler jüýjelerde – 18-20%.
Ýaş mallaryň tükelligi boýunça: gölelerde – 99%; doňuzlarda – 99%; broýler jüýjelerinde – 98% ýetýär.
Towuklaryň ýumurtga berijiligi – 10-15%; ýumurtgalaryň mukdary – 10% ýokarlanýar. Jüýjeleriň çykmasy 25% çenli ýokarlanýar. Haýwanlaryň reproduktiw (ýada salmak) häsiýetlerini ýokarlandyrýar. Süýt önümliligi 15-20% -e çenli artýar. Önümsiz tohumlanmalaryň mukdary azalýar we sygyrlaryň jyns sikllerini hem-de gysyr bolmazlyklaryny uzak döwürleýin kadalaşdyrýar.
Şeýlelikde Türkmenistanyň ýerli howa şertlerinde ekologiki taýdan arassa we oba hojalyk mallary we guşlar, balyklar, şeýle-de ösümlikler üçin olaryň ösüşini tizleşdirýän, kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrýan, ýokary hilli iým bolup hyzmat edýän, hlorella wulgarisi ösdürip ýetişdirmek we ondan bol hasyl almak mümkinçiliginiň bardygy kesgitlenildi.
Şeýle-de geljekde ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini öwrenip, şonuň esasynda hlorellanyň ösdürilip ýetişdirilmegi daşky gurşawa zyňylýan zyýanly gazlary azaltmaga ýardam berer, bu bolsa öz gezeginde häzirki döwürde ýurdumyzda öňe sürülýän “Ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga itergi berer.
Teswirler