Gyşky meýdan işleri dowam edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowam edýän häzirki gyş günlerinde Balkan welaýatynyň daýhanlarynyň iş aladalary ýetik. Olar welaýatyň esasy agrar etraplary bolan Bereket we Serdar etraplarynyň çägindäki 50 müň gektara uzaýan ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýzlük dänelik ekinleriň pugta binýadyny tutmak bilen, gyşky meýdan işlerini alyp barýarlar.
Şu ýyl bu etraplaryň ekin meýdanlarynda gowy gögeriş alyndy. Kärendeçilerdir mülkdarlar bol hasyl ýetişdirmek üçin bu ýerleriň toprak-howa şertleriniň amatlydygyny oňat bilýärler. Çünki olar geçen ýyl hem azyklyk bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Esasan, bu ekiniň «Batko», «Sähraýy» görnüşleri ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem daýhan hojalyklarynda, kärende ýerlerinde bu görnüşleri ekmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
«Ýykylsaň ýere ýapyş» diýen atalar sözüne eýerip, daýhançylyk ýoluny saýlap alan kärendeçiler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bol hasyl ýetişdirýärler. Halal zähmetleri bilen baýap saçaklarymyzyň bereketlerini artdyrýarlar. Muňa mysal hökmünde Bereket etrabynyň «Türkmenistan» Serdar etrabynyň, «Goç» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçilerini görkezmek bolar. Olar geçen ýyl döwlet öňündäki öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. «Türkmenistan» daýhan birleşigi Watan harmanyna 4,160 tonna töweregi galla tabşyrdy. Netijede welaýatyň beýleki daýhan birleşiklerine garanyňda ýokary netije gazanyldy. Bu asylly işe Şirmämmet Sapargeldiýew, Täzemyrat Uzjanow ýaly kärendeçiler saldamly goşant goşdular.


Aýzüleýha Abdyrahmanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok