Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda 158 sany ylalaşyklar baglaşyldy.
Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Türkiýeden, Owganystandan we birnäçe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi bolsa Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar.
Bulardan başga-da, BAE, Türkiýe, Serbiýa, Azerbaýjan, Özbegistan we Owganystan döwletleriniň işewür wekilleri daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah ýüplük, buýan köküniň gury toşabyny satyn aldylar. Ylalaşyklaryň bahasy 116 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň işewürlerine jemi 15 million manatlyga golaý nah ýüplügi satyldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin ”Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen bahasy 320 million manatlyga golaý ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
(TDH).
Teswirler