- «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk.
- «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.
- «Gojalara hemaýat» goýumy — ýyllyk 9% göterimli 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý möhleti bilen pensiýadaky raýatlar üçin niýetlenilen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.
- «Galkynan daýhan» goýumy — goýum 1 ýyllyk möhlete ýyllyk 10% göterimi bilen açylýar. Bu goýuma serişdeler nagt we nagt däl pul görnüşinde 20000 (ýigrimi müň) manatdan az bolmadyk möçberde kabul edilýär.
- «Altyn asyryň altyn daýhany» goýumy — goýum 3 aý möhletli, ýyllyk 8% göterim, üsti doldurylmaýan. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
- «Möhletli» goýumy — goýuma ýyllyk 8% göterim bilen nagt görnüşinde 1 ýyl möhleti bilen serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan puluň möçberi 200 (iki ýüz) manatdan az bolmaly däl we goýumyň aňrybaşy çägi ýokdur.
- «Ruhubelent nesiller» goýumy — goýuma ata-eneleriň we garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan, islendik raýatlar tarapyndan islendik ýaşdan başlap 16 ýaşa çenli çagalaryň adyna ýyllyk 6% göterimi bilen nagt serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan lkinji puluň iň pes möçberi 100 (ýüz) manat bolmaly. Goýumyň üstüne goşmaça serişdeler kabul edilýär.
- «Altyn asyra daýhan gadamy» goýumy — bu möhletli goýum bolup, oba hojalyk önüm öndürijiler üçin niýetlenen. Goýumyň möhleti 1 ýyl, göterim derejesi 8% ýyllyk. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
- «Pagtaçylara sowgat» goýumy — bir ýyl möhlete ýyllyk 10% göterim bilen nagt däl görnüşinde açylýar we goýumyň möçberi çäklendirilmeýär. Pul serişdesiniň 50% göterimine çenlisini möhletinden öň yzyna alyp we üstüni doldurup bolýar.
- «Goýum bank karty» goýumy — goýuma ýyllyk 5% göterim bilen nagt görnüşinde üstüni dolup bolýan şertinde kabul edilýär. Goýumçynyň goýum karty açylandan soň, milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt görnüşinde serişdeler kabul edilýär. Goýumda pul serişdeleriniň duran döwründe goşmaça pul serişdelerini goýmak, üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky goýumlary halkymyza hödürleýär
16.01.2021
10:35
0
Teswirler