Ýanwar aýynyň 15-ne Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desga ulanyşa girizildi.
1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýän “Malaý” ýatagy diňe bir öz ýurdumyzyň göndogar sebitindäki ilatly ýerlerini “mawy ýangyç” bilen üpjen etmek bilen çäklenmän, Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem öz ornunda belli bir mukdarda harytlyk önüm berýär.
Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.
“Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.” tmcars applikasiýasynyň habarlar bölüminde ýetirilýär.
Jemal GURBANOWA
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby
Teswirler