- Naryň düzüminde aminokislotalaryň 15 görnüşi bolup ol, C, A, B, PP witaminlerine we kaliýe baýlygy bilen tapawutlanýar.
- Naryň adamyň ganynyň düzümindäki gemoglobiniň mukdaryny artdyrmakda peýdasy ulydyr. Şol sebäpli hem gan azlyk keseli howp salsa, nar iýmek maslahat berilýär.
- Naryň düzüminde alma we limon kislotalary hem bardyr. Şol sebäpli hem aşgazan keseli bilen kesellän adamlara nar iýmek maslahat berilmeýär.
- Nardan kosmetikada ulanmak üçin ýag hem taýýarlanylýar. 1 litr nar ýagyny taýýarlamak üçin ortaça 500 kilogram nar gerek bolýar.
- Nar gan-damar ulgamynyň kesellerini bejermek üçin hem-de organizmi dikeltmek üçin giňden ulanylýar.
- Iç geçme keseline duçar bolanlara naryň gabygyny gaýnadyp içmek maslahat berilýär.
- Geçirilen barlaglaryň netijesinde naryň suwyny içmeklik prostat yragyna garşy bedeni goraýanlygy ýüze çykaryldy.
- Azerbeýjan döwletinde her ýylyň 26-njy oktýabrynda naryň baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu döwletde naryň ähli sorty ösdürilip ýetişdirilýär.
Bekki ERKİNJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler