HAÝWANAT DÜNÝÄSINDEN

  • Daş-töweregimizdäki tebigaty näbelli bir galaktika bilen deňeşdirip bolar. Galyberse-de, biz janly tebigat hakynda oýlansak, ýer ýüzünde ýaşaýan jandarlar hakda gaty az bilýäris. Bu ýazgydaky ajaýyp maglumatlar, töweregimizde ýaşaýan haýwanlaryň gyzykly aýratynlyklarynyň diňe kiçijik bir bölegini aýdyp berer.
  • Zähmetkeş mole bir gijede takmynan 300 metr uzynlykdaky tunel gazyp biler.
  • Krokodiliň dişleri ömründe takmynan elli gezek üýtgedip biler ýaly düzülendir.
  • Piller gulaklarynyň kömegi bilen bedeniniň temperaturasyny sazlaýarlar.
  • Krokodiller suwuň düýbüne çümmek üçin daş ýuwutýarlar.
  • Kepderiniň süňki onuň ýeleklerinden ýeňildir.
  • Teneçir iň çalt uçýan mör-möjek hasaplanýar. Onuň tizligi 57 km/sag ýetýär.
  • Häzirki wagtda bal arylaryň 20 müňe golaý görnüşi mälim.
  • Mör-möjekler uglewodlara, witaminlere we minerallara baý hasaplanýar. Tailandda olar naýbaşy (delikates) naharlaryň hatarynda durýar.
  • Altyn (gyzyl) balyk (carassius auratus) hem infragyzyl hem-de ultramelewşe şöhläni görýär.
  • Gurbaga – şeýle bir zäherlidir welin, zäheri 2200 adamy öldürmek üçin ýeterlikdir.
  • Hameleonlar bir wagtyň özünde gözlerini dürli tarapa hereket edip bilýärler.
  • Gök kitiň agramy üç pile deňdir.
  • Syçanlaryň köpeliş tizligi şeýle bir ýokary welin, bir ýylda bir million töweregi syçan doguryp biler.

Mämmedow ÝAKUP,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok