ÇÖREK MUKADDESLIKDIR

Azyklyk ekinleriň içinde bugdaýa taý gelip biljegi ýok, sebäbi onuň dänesindäki ýaşaýyş üçin zerur bolan ýokumly maddalar adamyň iýmite bolan talabynyň 70 göterime çenlisini doly üpjün edip bilýär. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz bugdaýa “uly iliň soltany” diýip at beripdirler.

Türkmeniň ak bugdaýynyň, çöreginiň aýratyn datly bolmagy biziň howa şertlerimizde bugdaý dänesinde adama has ýokumly bolan  iýmit maddalaryň doly bahaly beloklaryň we aminokislotalaryň toplanmagydyr. Irki wagtlardan bäri çöregiň keramaty, gymmaty dogrusynda dürli däp-dessurlar döredilipdir. Ýagny, miladydan öňki 1-nji müňýyllygyň ýazuw ýadygärliginiň biri bolan “Awestada” hem çöregiň keramatly güýje eýedigi beýan edilýär: “Berekediň açary daýhanyň elindedir. Däne peýda bolanda, döwler derleýärler, degirmen peýda bolanda, döwler howsala düşýärler, un peýda bolanda, döwler ondan hem beter gorkýarlar.” Mundan başga-da, türkmenler uzak ýola düşenlerinde , ýoldaşlyk üçin tamdyrdan lowurdap çykan mele-myssyk çöregi ýanlaryndan  goýmandyrlar. Şeýle hem, türkmen çöregiň üstünden ätlemek, basmak, çöwre dolamak, çöregi pyçak bilen kesmek, iki çetinden döwüp almak, oklamak, zyňmak, syňragyň bilen tutmak, bir eliň bilen döwmek, saçakda düňderip goýmak, tamdyry, ojagy ýykmak uly we külli günä, biedeplik  hasaplanýar. Dänä, bugdaýa, duz-çörege, tamdyra, ojaga togap etmek halkymyzyň iň bir mukaddes dessury.

Abadançylygyň we  bolelinligiň, bagtyň we rowaçlygyň goşalanyp gitmeginiň nyşany hökmünde toýlara-da jübüt çörek alnyp gidilýär. Çörek – gadymy hem myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly sahy, toý saçaklarymyzyň bezegi bolup durýar. Ene toprak özüne yhlas edeniň azabyny hiç haçan boş goýmaýar, rysgalyny kem etmeýär, baýlygyň, mal-mülküň eýesi edýär.

Goý, her bir ojakda türkmen milli çöregi saçaklary bezäp hemişe dolduryp dursun! Türkmen daýhanlaryna arzuw edilýän eşretli zamanany peşgeş beren milli Lidermiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Jumabaýewa MÄHRI

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

selbi

yes of course