ADAM BEDENINDÄKI ELEMENTLER

65% KISLORODadam bedeniniň köp bölegini tutýar. Bu element suwuň esasy düzüm bölegidir. Ýag hem-de protein ýaly biologik molekulalary ýasaýan esasy üç elementiň biridir.

18,5% UGLERODbu element beýleki elementlere 4 sany bag ýasap bilýärdir. Uglrodyň bu häsiýeti oňa uly we çylşyrymly molekulalary ýasamaga kömek edýär. Bu element hem protein, ýag, şeker we DNK-nyň esasy düzüm bölegidir.

9,5% WODORODbu element hemähli biologik molekulalaryň içinde durýan 3-nji elementdir. Ýöne, bu elementiň biziň bedenimizdäki mukdary boýunça kislorod we ugleroddan uludyr, emma ol beýlekilere görä has ýeňildir.

3,2% AZOTkislorod, wodorod we uglerod ähli biologik molekulalaryň esasy düzüm bölekleridir. Emma, mundan başga-da az mukdarda bolsa-da, beýleki elementler hem bar.

1,5% KALSIÝbu element esasy süňklerimizde we dişlerimizde bardyr. Bu element öýjükleriň, myşsalaryň we nerwleriň arasyndaky aragatnaşygy hem saklaýandyr.

1,1% FOSFORelementi hem kalsiý elementi ýaly süňklerimizde we dişlerimizde bardyr we olara güýç hem-de berklik berýändir. Bu element DNK-nyň möhüm bölegi bolup, onuň şekilini saklamaga hyzmat edýär.

0,4% KALIÝbu element biziň beden öýjüklerimizde bardyr. Kaliý elementiniň kömegi arkaly nerw öýjükleri elektrik impulsy ugradyp, myşsalaryň gysylmagyna sebäp bolýar.

0,2% NATRIÝelementi hem bedendäki zarýady daşaýan elektrolitdir. Kalsiý we kaliý bilen bilelikde bu element elektrik zarýadlary geçirip, nerwleriň we myşsalaryň dogry işlemegine ýardam edýär.

0,2% KÜKÜRTproteinde bar bolan elementhasaplanýar. Ol birnäçe beýleki kükürt atomlar bilen birlikde güýçli baglary gurup bilýärdir. Bu häsiýet bolsa proteinleriň şekilini saklamaga hyzmat edýär.

0,4% BEÝLEKI ELEMENTLERbedenimizde bu elementler az mukdarda bardyr. Olara: demir, alýuminiý, ýod, hlor, marganes, magniý, kobalt, ftor, mis, sink, litiý, molibden  we selen degişlidir.

Şemşat NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok