Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgyryny dowam edýär. Bu barada TDH habarynda aýdylýar.
Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna — taryhy senä bagyşlandy, geçen ýylyň ähli çäreleri onuň nyşany astynda geçirildi.
Žurnalyň sahabyny Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynyň heýkeli bezeýär. “Açyşlar we täze işläp düzmeler” atly däbe öwrülen bölümde Türkiýe Respublikasynyň Atatürk uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň doktory Sinan Dinçiň “Alp Arslan — ynsanperwerligiň taryhy nusgasy” atly makalasy ýerleşdirildi. Ol türkmenleriň şöhratly taryhynyň wakalarynyň hem-de Bitarap ýurdumyzyň häzirki gazananlarynyň arasyndaky meňzeşligi deňeşdirýär. Alymyň nygtaýşy ýaly, şol gymmatlyklara diňe türkmen halky däl-de, eýsem, türk doganlarymyz hem buýsanýar.
Žurnalyňda ýerleşdirilen türkmen alymynyň “Türkmen Bitaraplygy — ýaşaýşyň ynsanperwerlik ölçegi” atly makalasynda hem öz beýanyny tapýar. Onda türkmen Bitaraplygynyň kökleriniň biziň halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, onuň ruhy gymmatlyklary bilen aýrylmazlygy nygtalýar.
“Türkmenleriň horezmşalar — anuşteginliler imperiýasy we Soltan Jelaleddin” atly makalanyň awtory okyjylary taryhyň jümmüşine alyp gitmek bilen, türkmen Bitaraplygynyň kökleriniň gadymdan gözbaş alýandygyny belleýär.
“Türkmenistan — ÝUNESKO: halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly makalada döwletimiziň Bitaraplyk derejesine döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň we giňeltmegiň täsirli guraly hökmünde garalýar. Makalanyň awtory ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny bellemek bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary barada jikme-jik durup geçýär.
“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” diýen bölümde “Türkmen edebiýatynda Bitaraplygyň kökleri” atly makala ýerleşdirildi. Onda degişli mowzuk boýunça baý maglumatlar jemlenýär.
“Hindistanyň Deken ýarymadasyndaky türkmen hökümdarlary” atly makala türkmen-hindi gatnaşyklaryna bagyşlanyp, taryhy geçmişiň wakalaryna salgylanýar. Onuň awtory iki ýurduň halklarynyň taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklarynyň netijeliligine şaýatlyk edýän mälim we doly öwrenilmedik maglumatlara ünsi çekýär.
Şeýle hem žurnalda ýerleşdirilen “Ynsanperwer gatnaşyklary jebisleşdirmegiň täzeçe nusgasy” atly makala Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. “Ylmy we medeni durmuş habarlary” diýen bölümde geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär.
Köp sanly fotosuratlar, şol sanda muzeý we arhiw maglumatlary türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän “Miras” žurnalynyň makalalaryna ajaýyp goşundydyr.
Bossantäç Taganowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý we seýil bag hojalygy kafedrasynyň müdiri.
Teswirler