«Gurşap alýar bu gün uly dünýäni parahatlyk, ynanyşmak taglymy» atly dabara guraldy

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda «Gurşap alýar bu gün uly dünýäni parahatlyk, ynanyşmak taglymy» atly dabara guraldy. Dabarada şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek, şanly senäni zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylamak barada gürrüň edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda medeniýet ulgamynda şanly baýrama taýýarlyk görmek bilen bagly öňde duran wezipeler, şeýle hem kitaphanalary sanly ulgama geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada gürrüň edip, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki uly ähmiýetini buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň soňy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçylarynyň, hoş owazly artistleriniň bagtyýarlyk döwrümizi, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik tutumlaryny wasp edip ýerine ýetiren aýdymlaryna ulaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok