«Hilal» hususy kärhanasy tarapyndan Daşoguzda mebel önümlerini we demir önümleriniň käbir görnüşlerini öndürýän täze kärhana gurlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan bu önümçilik Zaman köçesiniň ugrunda ýerleşer we iki gektar meýdanda ýerleşer. Häzirki wagtda zerur gurluşyk materiallaryny geljekki täze binanyň guruljak ýerine eltip başladylar. Täze guruljak binanyň düzüminde önümçilik ussahanasy we tehniki desgalar bolup, bu kärhana 200 adamy iş bilen üpjün etmäge we ýylda iki müňe golaý önüm gurnamalaryny çykarmaga mümkinçilik berer. Önümçilik kärhanasyny ýokary tehnologiýaly, şol sanda «Hilal» HK-nyň häzirki sehindäki enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Kompaniýa demirgazyk sebitiň iň baýry hususy düzümleriniň biri bolup, ýokary hilli agaç we demir gapylary, dürli ähmiýetli mebelleri hem-de plastik penjireleri çykarmaga ýöriteleşdirilendir.
Göwher Merdanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler