13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygynyň barşy, onda ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, şeýle hem Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň we şäheriň Görogly köçesiniň ugrunda 15 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu desgalardaky gurluşyk işleri kesgitlenen tertipnama laýyk derejede dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, dürli maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra şol bir wagtda göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýata bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Daşoguz welaýatynda gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, sebitiň ykdysady ösüşine bolşy ýaly, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu işlerde döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýdyp, gönükdirilýän serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyny gazanmagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Babamyrat Nurjykow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler