Moskwada täze türkmen restorany açldy

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde “Aşgabat” restorany paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hyzmata açyldy. Bu restoran türkmen tagamyny dadyp boljak ýeke-täk ýer bolmaklygy bilen tapawutlanýar. Bu barada turkmenistan.ru saýta salgylanmak bilen arzuw.news habar saýty habar berýär.

Täze restoranda iň köp isleg bildirilýän naharlaryň biri bolsa dogramadyr. Közde bişirilen lüle we kebapler, öz watamymyzda bişirilen görnüşlerden tapawutlanmaýar.

Restoran Moskwanyň merkezinden uzak bolmadyk ýerde Mir şaýolunyň çatrygynda ýerleşýär we bu türkmen syýahatçylar üçin we Moskwanyň ýaşaýjylary üçin dynç almaklyk üçin örän amatly ýerdir.

Tawus EZIZOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok