Ysraýyl 2024-nji ýylda ýene bir gezek Aýa gitmegi meýilleşdirýär.

Ysraýylyň geçen ýylky uçuşy şowsuz bolan “Beresheet” kosmos syýahatyndan 5 ýyl soň, 2024-nji ýylda “Beresheet 2” kosmos syýahaty maksatnamasy bilen ýene-de Aýa ýetmegi maksat edinýär.

Soňky ýyllarda kosmosda ikinji aý syýahat ýaryşy başlandy. Hytaý we ABŞ ýaly ýurtlar hemramyza uly ulaglar bilen girmäge synanyşanlarynda, Ysraýyl has kiçi ulag bilen girmeli boldy.
Aýa “Beresheet” kosmos hemrasy geçen ýyl uçuryldy. Bu kiçijik ulag üçin syýahat üçin gowy bolsa-da, Aýa gonmak meselesinde şowsuz boldy. Bu kosmos hemrasy Aýa gonanda, dolandyryşyny ýitirdi we heläkçilige uçrady.

Häzirki wagtda Ysraýylyň kosmosy öwrenýän birnäçe kompaniýalary synag işlerini dowam etdirýär. Ikinji tarapdan gelýän teklipleri hem göz öňünde tutup, 2024-nji ýylda boljak Aý syýahatyny üstünlikli amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ysraýylyň astronomlarynyň we gözleg işleri boýunça hünärmenleriniň aýtmagyna görä bu syýahat üstünlikli ýagdaýda geçse, onda Aýda birnäçe garaşylmadyk barlaglaryň garaşýandygyny belleýärler.

Baýmyrat ÝUSUPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok