Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdür. Şu nukdaýnazardan, päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilýän eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nobatda ýaş nesliň sagdynlygy ugrunda birnäçe giňmöçberli işleri durmuşa geçirýär. Ösüp gelýän nesli özara düşünişmek we dostluk ruhunda terbiýelemegiň olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini ýaýratmagy, ilat arasynda bedenterbiýäni we sporty ündemegi, Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlaryna taýýarlanmagy we gatnaşmagy maksat edinip, Türkmenistanda Olimpiýa hereketini ykrar edýär we goldaýar.
Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň esasy gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Aýnur GOÇAKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler