Howa ýylap başlaýar…

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň habar bermegine görä geljek hepdeden howanyň ýylap başlanjagyny çaklaýas

Bilşimiz ýaly, türkmen senenamasy 12 aýdan ybarat. Olar:

  1. Çarwa nowruzy            22.02 – 20.03
  2. Nowruz                         21.03 – 22.05
  3. Ülker                            23.05 – 20.06
  4. Aralyk                          21.06 – 22.07
  5. Üçýyldyz                       23.07 – 11.08
  6. Ýaldyrak                       12.08 – 22.09
  7. Mizan                            23.09 – 22.10
  8. Akrap                            23.10 – 22.11
  9. Garagyş                         23.11 – 07.12
  10. Uly çille                        08.12 – 16.01
  11. Kiçi çille                        17.01 – 15.02
  12. Ahyrky garagyş            06.02 – 21.02

Edil şu wagt hem uly çille döwri dowam etýär. Ata-babalarymyzdan galan käbir sözlere görä şu sowuk dört döwriň arasynda ýaz howasy ýaly ýyly howa bolýar. Käwagt şol ýyly howa dal-daragtlar, miweli agaçlar aldanyp gülini açýar. Soňra kiçi çilläniň soňundaky we ahyrky garagyşdaky sowuk ir açan miweli agaçlaryň güllerini dökýar. Meselem badam agajy ir gülleýär we köplenç soňky çilläniň sowugyna gülini dökýär. Şonuň üçin köp halatda agajyň düýbine buz gömýärler we netijede agaç güllemegiň wagtyny yza süýşirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok