Annadurdyýew Gandym ýa-da Gandym aga

Türkmenistanyň at gazanan artisti, ,,Altyn asyr” döwlet baýragynyň eýesi Annadurdyýew Gandym 1961-nji ýylyň aprel aýynyň 11-ne Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde dogulýar.

1978-nji ýylda Tejen şäherindäki Mollanepes adyndaky teatrynyň okuw studiýasyna işe girýär.

1982-nji ýylda harby gulluga gidýär.

1984-nji ýylda Taşkent şäherindäki Ostrowskiý adyndaky döwlet institutyna okuwa girýär.

1988-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet Drama teatrynda işe başlaýar.

2006-njy ýylda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatra işe girýär.

2008-nji ýylda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatra ýolbaşçysy bolýar.

2010-njy ýylda Watan kinoteatrynyň direktory wezipesine bellenýär.

Kakasy Amanow Annadurdy, ejesi Annadurdyýewa Gurbangül. Maşgalada 7 dogan. Aýaly Bahar Annadurdyýewa 1960-njy ýylda doglan. Çagalary:

Gadam Annadurdyýew 1985-nji ýylda doglan.

Mähriban Annadurdyýewa 1987-nji ýylda doglan.

Mekan Annadurdyýew 1989-njy ýylda doglan.

Merdan Annadurdyýew 1990-nji ýylda doglan.

Döwlet sylaglary:

2007-nji ýylda ,,Altyn Asyr” Döwlet baýragy.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti.

Gandym aga öz yhlasy, zähmeti, zehinligi we mähribanlygy bilen biziň sylagymyzy, söýgimizi gazandy. Ol biziň aramyzdan aýrylsa hem biz ony we onuň döredijiligini hiç haçan ýatdan çykarmarys. Gandym aganyň düşen filmlerini hem süýji ýatlamar hökmünde ýatlarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok