“Oskar” baýragy barada bilmeýän az – az bolsa gerek. ” Oskar ” baýrak derejesinde durýan ” Gremmi ” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň üstümizdäki ýylyň 31 -nji ýanwarynda Los – Anjelesde geçirmeklik meýilleşdirilýärdi. Pandemiýa sebäpli baýragyň gowşurylyş dabarasy yza süýşürildi. Bu barada atawatan.turkmenistan web saýtynda habar berilýär.
Gremmi baýragynyň taryhynda özüniň 9 kategoriýa boýunça dalaşgär görkezilmegi bilen, iň köp dalaşgär görkezilen sungat işgäri adyna Beýonse mynasyp boldy.
1959 – nji ýyldan bäri geçirilip gelýän bu dabaranyň nobatdaky gowşurylyşynyň mart aýynda geçmekligine garaşylýar.
Perman SARYÝEW
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
Teswirler