Täze kärhanalaryň adyny onlaýn görnüşde tassykladyp bolar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi täze sanly hyzmatlary hödürleýär. Olaryň hatarynda kärhananyň adyny onlaýn tassyklatmak hyzmaty hem bar” diýilip ministirligiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Ýuridik şahsyň ady adaty usul bilen ýagny, degişli hasaba alyş bölümlerine arza we gerekli bolan resminamalary tabşyrmak bilen hem-de onlaýn anketany doldurmak arkaly tassykladyp bolar.

Onlaýn bellige almak üçin gerek bolan resminamalar:

  • Arza
  • Pasportyň nusgasy
  • Töleg kiwtansiýasy

Üns berilmeli möhüm zatlaryň biri bolsa, kärhananyň adyny gysgaltmasyz türkmen dilinde bir söz ýa-da söz düzüminden ybarat bolmaly. Anketa göýberilýän faýllar PDF formatynda bolmaly. Hasaba alyş bölümi Türkmenistanyň çäginde meňzeş atly başga bir kärhananyň ýokduguny tassyklaýan kepilnama berýär.

Saparowa Mähri
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok