“NASA” Günüň içki gatlaklarynda hem Ýerdäki ýaly titremeleriň bolýandygyny belleýär.

“NASA” gündäki titremeleriniň ýyldyzyň üstünde däl-de, ýyldyzyň astynda bolýandygyny habar berdi. Gözlegiň netijesinde alnan maglumatlar şu güne çenli alnan maglumatlary tankytlaýar. Şeýle-de bolsa, Gündäki titremelere näme sebäp bolýandygy entek belli däl.

“NASA” Günüň ýer titremeleri barada täze maglumatlary alandygyny habar berdi. Uzak möhletleýin okuwy tamamlap, edara gün titremeleriniň gelip çykyşy baradaky düşünjeleriň üýtgäp biljekdigini aýdýar. Günüň içinde bolup geçýän ýer titremeler, edil Ýerdäki ýaly Günüň içki gatlaklarynda bolup geçýär.

“NASA” ýer titremeleri baradaky öňki gözleglerde bu hadysanyň Günüň ýüzünde bolýandygyny çaklady. Şeýle-de bolsa, soňky gözlegler Gün titremeleriniň ýyldyzdaky partlamalardan birnäçe minut soň ýüze çykýandygyny we güýjüne baglylykda Günüň ýüzüne täsir edýändigini ýüze çykardy. Şeýle-de, soňky gözleglere görä, bu waka Günüň ýüzünde däl-de, içki gatlaklarynda bolup geçýär.

Azat AMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok