Xiaomi Mi 11 Pro akylly telefonunyň çykjak senesi yglan edildi.

Xiaomi kompaniýasy bu gezek Mi 11 Pro akylly telefonuny çykarmak üçin soňky taýýarlygyny görýär. Täze telefonyň çykjak senesi eýýämden yglan edildi. “Qualcomm”-yň “Snapdragon 888” prosessorlaryny ulanan ilkinji telefon modeli “Xiaomi Mi 11”, köp aýratynlyklary bilen bäsdeşlerine garşy çykmagyna garşy çykjak akylly telefon indi “Xiaomi Mi 11 Pro”.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu akylly telefonuny fewral aýynda satuwa çykarar. “Mi 11 Pro” köp aýratynlyklary bilen “Mi 11”-e çalym edýär, ýöne bu modeli goşmaça aýratynlyklar bilen hödürlär.

Mysal üçin, Mi 11 we Mi 11 Pro şol bir ekrany we prosessory ulanar. Olaryň arasyndaky iň uly tapawut kamera tarapynda bolar. Şeýlede bolsa, “Mi 11 Pro” kameralarynyň haýsy aýratynlyklary bilen geljekdigi entek belli däl.

Süleýman DÖWLETOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok