Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen energetika strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny ýurdumyzda mawy ýangyjyň dünýä ähmiýetli ägirt uly gorlarynyň bardygy hem tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistana Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny nazarlaýan islendik ugur boýunça, şol sanda şu ugur boýunça gazyň uzak möhletleýin ibe-rilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilýändigi hem bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyna şa-ýatlyk edýär. Her ýylda 33 milliard kub metr gazy sarp edijilere ýetirmäge niýetle-nen bu gaz geçiriji öz gözbaşyny bimöçber uly gaz gorlary bilen dünýä belli bolan «Galkynyş» gaz käninden alar.
Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisi-niň taryhy ähmiýeti, onuň ykdysady wezipelerden başga-da, möhüm durmuş mesele-leriniň ençemesini çözmäge mümkinçilik berjekdigi, tutuş sebitde syýasy we dur-muş taýdan durnuklylygy saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi, hususan-da, sarp ediji we üstaşyr geçiriji bolan Owga-nystan üçin örän wajypdyr. Çünki, täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde owgan halky her ýylda 1 milliard amerikan dollary möçberinde ägirt uly girdeji ga-zanar hem-de öz ýurdunyň ykdysadyýetini iňňän belent sepgitlere ýetirer. Mundan başga-da, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan transmilli gaz geçiri-jisi owgan raýatlarynyň 12 müňüsi üçin täze iş orunlaryny döreder. Diýmek, yklymyň bu ägirt uly taslamasy sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine şert döreder. Hut şu nukdaýnazardan-da, Hindistanyň we Päkistanyň 2030-njy ýylda energiýa serişdeleriniň iki esse artmagyna garaşylýar. Şonuň üçin türkmen gazy bu iki döwlet üçin örän uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Hindistan Hindistan suwuklandyrylan gaz ulanyp, ony hem tankerler bilen daşaýar. Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna oňaýly täsir eder. Şeýlelikde, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan taslamasy ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edip, Aşgabadyň, Kabulyň, Yslamabadyň we Deliniň arasynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ygtybarly resmi köprüsine öwrüler.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurluşygyna 2015-nji 13-nji de-kabrynda başlanan Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna Bangladeş hem uly gyzyklanma bildirýär. Ýerli we halkara ähmiýetli turba geçirijileri çekmek babatda baý tejribä eýe bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň 214 kilometrini ýagny türkmen bölegini «Galkynyş» gaz käninden Owganystanyň serhedine çenli turba geçirijileri çekmek, ony abadanlaşdyrmak we gaz ibermek üçin zerur bolan düzümi döretmek boýunça işleri öz möhletinde örän ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen tamamladylar. Häzirki wagtda olar türkmen – owgan serhedinden başlap, bu transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny örän güýçli depginler bilen alyp barýarlar. Diýmek, munuň özi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan oňyn energetika syýasatynyň bütindünýäde halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Maýsa EMIROWA,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler