Döredijilik çemeni

Hormatly InAshgabat saýtymyzyň okaýjylar, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylygy we Halkara maýyplar güni mynasybetli TKKJ-niň görüş taýdan maýyp agzalarynyň arasynda geçirilýän edebiýat we döredijilik işleri boýunça bäsleşigi geçdi.  

Şu gün Bäsleşikde höweslendiriji oruna mynasyp bolan Görüş taýdan II topar maýyp Bägül Soltanowanyň goşgylary Siziň dykkatyňyza hödürlemegi dowam edýäris:

GALJAKDYM!

Seniň gara gözleriňe seredip

Ýüregimden seni söýýän diýjekdim

Şygyrlarmy seň adyňa döredip

Gursagyma müdümilik saljakdym!

Gamly başym seniň kükregňe goýup

Pynhan syrlarymy saňa aýtjakdym

Juwan kalbym gyzgyn mähriňi duýup

Mährem gujagyňda baky galjakdym!

Ýar bilen seýil edip söýgi şalygna

Taýym bilen bagt bagyna girjekdim

Unudyp dünýäniň biwepalygny

Seniň üçin yşk çemenin bogjakdym!

Bahar kimin elwan kürte atynyp

Ykbalymy ykbalyňa çatjakdym

Gyzgyn mährim bilen töriňi çoýup

Yşkym bilen bagtyňa bagt goşjakdym!

Arzuwlarmyň bary menden daşlaşyp

Şowsuzlygyň kerebine çolaşyp

Hyýalymda söýgim bilen hoşlaşyp

Durmuşda ýar sensiz galmaly boldum!

Ters gelen täleýiň ýumagyn çözläp

Ýalňyzlyk derdini çekmeli boldum

Söýmedik ýigidiň törini bezäp

Gözýaş şerabyny içmeli boldym

Küştde utulan oýunçy kimin

Ykbaldan utulyp galmaly boldum

Söýgisiz durmuşda ýaşamak ýaman

Arman,arman,arman diýmeli boldum!

.

Bägül Soltanowa,

Görüş taýdan II topar maýyp
Baýramaly şäheri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok