Miwe önümlerini gündelik iýmek ynsan saglygyna oňaýly täsir edýär. Ýagny, gündelik miwe önümlerini iýmek adam bedeniniň işjeňligini artdyryp, immun ulgamyny ýokarlandyrýar. Adam bedenine peýdaly, hemmeleriň lezzet bilen iýýän şeýle miweleriniň biride ýertudanadyr.
Ýertudana dünýäniň dürli künjeklerinde ekilip, ýylyň islendik wagtynda hem ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän miwedir. Ýertudana miwe bolmagyna garamazdan, bägüller maşgalasyna girýän otjumak ösümlikdir. Şeýle hem, häzirki wagtda ýertudana dünýäde beýleki miweler bilen bir hatarda, iň köp sarp edilýän önümleriň hatarynda ilkinji orny eýeleýär. Ýertudana iň köp ösdürilip ýetişdirilýän ýeti ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatydyr. Emma, dünýä boýunça bu miwä bolan isleg, esasan hem, Ýewropa ýurtlarynda has hem ýokarydyr.
Ýertudana – bu beýleki miwe önümleri bilen birlikde özüniň süýjüligi, turşumtyklygy bilen tapawutlanyp, ondan işdäaçar, mürepbe, süýjülik, içgi, derman, kosmetika önümleri hem taýýarlanylýar. Ýertudananyň uly görnüşleri almanyň göwrümi ýaly bolup, ol öz düzüminde A, C, B6 we B12 witaminler bolup, kaliý, kalsiý, demir, fosfor, selen, natriý, marganes, magniý we başga-da, birnäçe iýmitlik kuwwaty bolan himiki birleşmeleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, ýertudananyň 91 göterimini suw, 7,7 göterimini uglewodorodlar tutup, olarda az mukdarda ýag we belok saklanýandyr. Şeýle hem, ýertudana beýniniň, beden myşsalarynyň işjeňligini artdyrýar. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gündelik ýertudana iýýän her bir ynsanyň ýatkeşligi ýokary işjeň ýagdaýda bolýar. Ýertudanyň ýene-de bir aýratynlygy, onuň düzüminde C witamininiň köp mukdarda bolmagydyr. Ýagny, ýertudana diňe bir lezzetli önüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem miwäniň ýapragy hem-de köki gaýnadylyp içilip, lukmançylykda dürli keselleriň öňüni almakda we ondan dürli görnüşdäki arassalaýjy serişdeleri taýýarlamakda giňden peýdalanylýar.
Saryýewa ABADAN,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler