Aşgabatly mekdep okuwçylarynyň şu ýylyň ahyrynda täze halkara üstünlikleri

2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda, final tapgyry geçirilen “IYMC 2020” yagny “International Youths Math Challenge 2020”-Halkara Ýaşlar Matematika Bäsleşigi atly halkara matematika onlaýn olimpiýadasy geçirildi. Bu iri bilim halkara olimpiadasynda, Türkmenistandan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary 1 altyn we 2 kümüş medallara mynasyp boldylar.

Bu ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylaryndan Aýsoltan Atabaýewa altyn medala, Nagym Taňrygulyýew we Arslan Annanyýazow hem kümüş medallara mynasyp boldylar. Ýaryşyň ýeňijileri, 3 tapgyrdan ybarat bolan bu abraýly we iri halkara olimpiýadasynda, özleriniň ukyp hem-de başarnyklaryny görkezip, ahyrky tapgyrda hem üstünlikli çykyş etdiler. Ýaşlar, 1 we 2-nji tapgyrlary matematika dersinden dürli kombinatoriki meseleleri hem-de ylmy gözlegleri ýerine ýetirip, 3-nji tapgyrda hem 30 soragdan ybarat bolan 30 minutlyk synagdan başarnykly geçmegi başardylar.

IYMС olimpiýadasy, dünýäniň iň öňde barýan bäsleşikleriň biri bolup, her ýyl,  98 döwletden, jemi 6500-den gowrak gatnaşyjy gatnaşýar. Ýaşlaryň ders olimpiýadalardan ýokary netijeler görkezmekleri, ýaşlary ylyma hem-de bilime gönükdirip, olary başarnyga tarap ymtyldyrýar.

Çeşme: Turkmenportal

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok