Täze ýyl mynasybetli birinji synp okuwçylara kompýuterler gowşuryldy

21-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň internet saýtynda habar berilýär.

Kompýuterlere ýüklenen programma sanly ulgamda öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär.

Çagalar özlerini gutlamaga gelen Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk üçin ajaýyp çykyşlary taýýarladylar. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyza, hormatly Prezidentimize bagyşlanylan aýdym-sazlar hem-de goşgular ýaňlandy. Birinji synp okuwçylar sowgada tüýs ýürekden şatlanyp, noutbuklary hoşallyk bilen kabul etdiler.

Täze ýyl başlanýança kompýuterleri sowgat gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mekdeplerinde hem geçiriler.

Sähragül SÖÝÜNOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok