AŞGABATLYLARYŇ DURMUŞYNDAN: DÖREDIJILIK ŞYGYRÝETI

„Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti“ diýen mowzuk boýunça oýlanma

 Eger bu barada aýtsak, ol görüş we eşiiş taýdan niçe-niçe maýyplary özüne agzalyga alyp, olara howandarlyk edip ýakyndan ýardam berip gelýändir.Öýden çykmany dört diwaryň arasynda ýatan,ruhlary çöküp, ýaşaýyşdan umydyny üzen adamlaryň ruhlaryny dikeldip, olary okadyp , öwredip durmuşda öz orunlaryny tapyp ýaşap gezmekleri  üçin jemgyýetimiziň eden aladalary ulydyr. TKKJ-niň alyp barýan işleri barada, onuň tutýan maksatlary barada aýtsak, onuň çäginde ýörüte maýyplary iş bilen üpjün etmek hem-de olary köşçülige öwrenişdirmek maksady bilen ýörüte okuw-önümçilik kärhanalary döredilip, ol ýerde görüş we eşidiş taýdan maýyp agzalar zähmet çekip işleýarler. Jemgyýetimiz öz agzalarynyň bilimli sowatly bolmaklary üçin dürli-dürli okuwlary geçirip durýarlar.Ol geçirilýän okuwlar barada aýtsak ýönekeý dikeldiş, kompýuter ulgamy boýunça sowat bermek hem-de hünär öwredýän okuwlary geçirip durýarlar. Olardan başgada Döwletimizde geçirilýän her bir çäreleri ýokary derejede bellenip geçilýär. Maýyp agzalarynyň göwünlerini açmak maksady bilen dürli ýerlere gezelençdir zyýaratlar gurnalýar. Sporta höwesli agzalaryň arasynda sport bäsleşikleri hem geçirilip durulýar. Jemgyýetimiz öz agzalarynyň şatlykly we gynançly  günlerini deň paýlaşyp, bulara ýakyndan ýardam berip gelýär. Jemgyýetimiz agzalarynyň saglygy üçin , ýörüte saglyk ulgamynda işläp ýören hünärmenleri çagyryp wagyz nesihatlar geçirip durulýar. Elbetde jemgyýetimiziň bu edýän aladalaryny näçe taryp etseňde, onuň soňuna çykyp bolmaz.Bu edilýän işleriň arasynda bolup, duýup gezmegiň lezzeti başgadyr. Bu işler biziň kalbymyzyň törüni eýeläp ýatdan çykmajak täsiri galdyrandyr. Biz öz jemgyýetimize minnetdar bolup, hemişe onuň waspyny edip gezeris. Men öz jemgyýetimiz üçin ýürekden joşup döreden goşgymy siz bilen paýlaşmagy makul bildim.

.

Satlykow Gurbanmyrat,

Görüş taýdan I topar maýyp
Balkanabat ş. Kw-92, jaý-3, öý-6.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok