Hytaý, dünýädäki iň uly diametri 500 metr bolan radio teleskopy halkara alymlara açjakdygyny mälim etdi. 2021-nji ýyldan başlap Hytaý alymlaryň isleglerini kabul edip başlar.
Ýakynda dünýäniň iň uly radio teleskoplaryndan biri bolan Arecibo obserwatoriýasy terk edilenden birnäçe gün soň garaşylşy ýaly ýykyldy. Bu wakadan soň obserwatoriýa ulanyp bilmedi we 57 ýyllyk taryhy bilen hoşlaşdy.
Astronomlar üçin köp sanly gözleglerde ulanylan Arecibo obserwatoriýasynyň dargamagyndan soň şu gün Hytaýdan täze habar geldi. Hytaý dünýädäki iň uly radio teleskopy “Bäş ýüz metrlik sferik teleskop – FAST” halkara alymlary üçin elýeterli etjekdigini mälim etdi.
Gurluşygynyň 2016-njy ýylda tamamlanmagy bilen Hytaýyň FAST teleskopy dünýädäki iň uly teleskop hökmünde Arecibo obserwatoriýasy diýen ada eýe boldy. FAST-yň amallaryna we ösüş merkezine gözegçilik edýän Wan Kiming, teleskopyň halkara jemgyýetçiligi üçin açykdygyny aýtdy. Fransiýanyň merkezi habar saýtynyň habaryna görä, Hytaý 2021-nji ýyldan başlap daşary ýurtly alymlaryň teleskopy ulanmak baradaky haýyşlaryny kabul edip başlar.
Saparmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.
Teswirler