Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Owganystan döwletiniň ykdysady durmuşyny galkyndyrmaklyk babatynda alyp barýan beýik işleri biziň ýurdumyzyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerini barha dabaralandyrýar. Türkmen milletiniň «Goňşy töwüri rysgalyňy artdyrar», «Goňşyň ýykylsa, söýget ber», «Kyýamat gün goňşydan» diýen ýaly pähim-parasada ýugrulan paýhasly ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki wagtda biziň ýurdumyz goňşy Owganystan döwletinde demirýol geçelgesini, Optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny, TOPH gaz geçirijisi, bu gaz geçiriji bilen ugurdaş güýji 500 kilowolt bolan Türkmenistan – Owganystan – Päkistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň gündogar sebitinde gurulýan elektrik beketleriniň aglaba bölegi goňşy Owganystanyň ykdysady galkynyşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.
Döwletimiziň elektrik we energetika pudagynda umumadamzat bähbitli amala aşyrylýan giň möçberli döwletli tutumlar «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 – 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» esasynda ýerine ýetirilýär. Çünki, Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylyň noýabrynda bu konsepsiýada göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermeklik baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmeklik, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlygy has-da berkitmeklik maksady bilen Karara gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystan Yslam Respublikasynyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen elektrik energiýasyny 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Kerki – Andhoý ugry boýunça Owganystan Yslam Respublikasyna ibermeklik barada şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi. 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolsa Owganystan Yslam Respublikasynyň Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermeklik boýunça hyzmatdaşlyk etmeklik barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamalaryň hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda Owganystana elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini has-da artdyrmaklyk boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Häzirki wagtda şertnama laýyklykda, goňşy Owganystan döwletine «Ymamnazar-Andhoý» we «Serhetabat – Hyrat –Turgundy» elektrik geçirijileri arkaly iki ugur boýunça ýylda 700 million kilowat sagat elektrik energiýasy iberilýär. Mundan başga-da, Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermeklik boýunça hyzmatdaşlyk etmeklik göz öňünde tutulýar.
Aýnur GOÇAKOWA,
Türkmenistanyň döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň mugallymy.
Teswirler