BEÝIK HYTAÝ DIWARY KOSMOSDAN HEM GÖRÜNÝÄR.
Beýik Hytaý diwaryny köplenç kosmosdan görüp bolýan ýeke-täk, adam tarapyndan gurlan predmet hökmünde görkezýärler. Göýä Aýa gonan kosmonawtlar Ýer ýüzünde ony görenmişler. Aslynda bu diwar hatda pes orbitadan hem görünmeýär. Atmosferadan daşynda bolan kosmonawtlaryň aýtmagyna görä, Ýerdäki ýaşaýyşdan habar berýän ýeke-täk delil – megapolisler we ekin meýdanlarydyr.
![](https://ashgabat.in/wp-content/uploads/2020/12/img_20201217_002859-803x1024.jpg)
BIZ BEÝNIMIZIŇ 10 GÖTERIMINDEN PEÝDALANÝARYS
Adamlaryň köpüsi beýnisiniň bary-ýogy 10 göteriminden peýdalanýar we käbir ýagdaýlarda mundan köprak peýdalanmaklary mümkin. Professional alym-fiziologlaryň pikrine görä, aslynda biz beýnimiziň ähli resurslaryndan peýdalanýarys we günüň dowamynda onuň ähli bölekleri işleýär. Käbir alymlaryň pikrine görä, islendik wagtda, hatda ukuda hem beýniniň 10 göterimi öz işjenligini saklap galýar.
![](https://ashgabat.in/wp-content/uploads/2020/12/img_20201217_002845-1024x828.jpg)
BÄŞ SANY DUÝUJYLYK ORGANY
Biziň bäş sany duýujy funksiýaňyz bar: görmek, eşitmek, ys almak, tagam almak we duýmak. Bu bäş burçly shema ilkinji gezek Arastu tarapyndan esaslandyryldy, emma häzirki wagtda birnäçe ekspertler bu shemany has-da ownuk toparlara böldi. Meselem, beýni predmetleriň reňkini we şekilini aňmak üçin jogap berýän zonalara eýe. Bu sebäpli, gözi görmeýän adamlar öz daş-töweregindäki predmetleri takmyny ýagdaýda tanap bilýärler. Şeýle-de, yssy we sowugy duýmagy hem-de içki organlaryň habar berýän signallaryny ýönekeý shema goşmak mümkin.
![](https://ashgabat.in/wp-content/uploads/2020/12/img_20201217_002828-1-1024x907.jpg)
Bäşimowa JENNET,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler