Watanym üçin
Ýaşalyň adamlar agzybir bolup
Garaşsyz bu beýik Watanym üçin
Işläliň biz bu gün el-ele berip
Gülläp ösýän Watanym üçin
.
Zähmet çekip işläp etsek hereket
Enşalla köp bolar rysgal bereket
Alla şükür et ýagşy günler üçin
Asuda abadan Watanym üçin
.
Gülleýär gül açýar galkynýar Watan
Garaşsyz erkinlik bagtyna ýeten
Hemişe Bitarap ýoluny tutan
Parahatlyk isläpWatanym üçin
.
Watan iýip gezsem halal duzuňy
Başyma täç etsem ýaşyl tugumy
Gerek bolsa gurban edip özümi
Jan bermäge taýyn watanym üçin
.
Goralyň Watanyň her garyş ýerin
Onuň abraýyn namysyn-aryn
Gurbanmyrat gaýgyrma güýjüňde baryn
Berkarar döwletim Watanym üçin
.
Gurbanmyrat SATLYKOW,
Görüş taýdan I topar maýyp
Balkanabatş. Kw-92, jaý-3, öý-6.
Teswirler