Mundan 110 million ýyl ozal ýaşan dinozawr görnüşi tapyldy.

Mundan 110 million ýyl ozal Günorta Amerikada ortaça towuk ululygyndaky ýyrtyjy, ýelekli dinozawryň täze görnüşi tapyldy. Bu kiçijik dinozawryň haýran galdyryjy tarapy, onuň egnindäki geň görünýän taýaklardyr.

Ýelekli dinozawr häzirki wagtda dinozawrlar bilen guşlaryň arasyndaky ewolýusiýa baglanyşygynyň we ýakyn garyndaşlygynyň iň möhüm subutnamalarynyň biri hökmünde görülýär. Şol bir wagtyň özünde, bu açyşlar ýelekleriň döreýşi we ewolýusiýasy, şeýle hem guşlar bilen dinozawrlaryň arasyndaky filogenetik gatnaşyklar barada maglumat berýär.

Hytaýdan Germaniýa çenli dünýäniň dürli künjeklerinde ýelekli dinozawrlaryň galyndylary tapyldy we indi bu sanawa Braziliýa hem goşuldy. 142 million ýyl mundan ozal başlanan we 65 million ýyl ozal tamamlanan Kretos eýýamynda ýaşan köp dinozawrlaryň ýelekleri bar diýlip çaklanylýar. Galyndylary tapan gözleg toparynyň alymy Deýwid Martilliň pikiriçe, bu açyş möhümdir, sebäbi bu çaklamanyň täze galyndylar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Mekan ÇERRIÝEW,
Türkmenistanyň döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň talyby.

.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok