15-nji dekabrda, her ýyl däp bolşy ýaly “Älem” medeni dynç alyş merkezinde ýerleşdirilen Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Bu bolsa hemmeleriň söýüp sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelýändigini alamatlandyrdy.
Her ýyl, Aýazbabadyr-Garpamyk ýörite ugur boýunça hereket edip Baş arçanyň ýanyna barýarlar. Şu ýyl bu ýol, Taslama köçesiniň hem-de Magtymguly şaýolunyň çatrygyndan başlandy. Uzunlygy 41 metre, ini 16 metre ýetýän Baş arçanyň yşyklary ýakylanyndan soň paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň yşyklary hem dürli öwüşgün atmaga başlady.
Atajan Eýýupow, žurnalist.
Teswirler