“Apple” kompaniýasy paroly bolmasa hem ulanyjysyny kesgitläp bilýän tehnologiýasy üçin patent aldy.

“Apple”-iň birnäçe ýyl bäri üstünde işleýän tehnologiýasy ahyrsoňy ABŞ-nyň patent we söwda belligi edarasy tarapyndan tassyklandy. Bu patent enjamlara ulanyjyny parolsyz ýa-da biometrika ulanmazdan tanamaga mümkinçilik berer.

Bu arzany “Apple” kompaniýasy 2009-njy ýylda beripdi.  Göz öňünde tutulan patent ABŞ-nyň patent we söwda belligi edarasy tarapyndan mart aýynda “Bilelikdäki garaşsyz radar geçirijisi bolan elektron enjam” ady bilen neşir edildi. Bu patent bilen baglanyşykly täze öňegidişlik boldy. Patent we söwda belligi edarasy “Apple”-iň patentini resmi taýdan tassyklady.

Bu tehnologiýanyň esasy gurluşy radar ölçeglerini ýerine ýetirýän elektron enjamdan ybaratdyr. Enjam bilen baglanyşykly barlaglar 8 burçly radar ulgamynda amala aşyryldy. Şeýlelikde, “Apple”-iň bu täze tehnologiýa arkaly hiç hili parol ýa-da biometrika ulanmazdan enjamy dolandyryp biler.

Begenç GURBANOW,
Türkmenistanyň döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok