Internet dünýäsine “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Makul Sözlük” atly türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli we sanly sözlügini ulanyşa göýberdi.
Saýtda habar berilmegine görä: Sözlükde 21 müňden gowrak türkmen dilinde hem-de 15 müňden gowrak iňlis dilinde söz bar. “Makul Sözlük” yzygiderli kämilleşdirilýär. Onuň söz baýlygynyň üsti täze sözler bilen baýlaşdyrylýar. Sözlügiň resmi internet sahypasynda “Teklip Ediň” sahypasy hereket edýär. Okyjylar köpçüliginiň bu sözlükde “ýok” sözleri (türkmen we iňlis dillerinde) teklip edip bilerler, diýlip bellenip geçilýär.
Ýakyn wagtlarda Android ulanyjylar üçin bu sözlügiň täze applikasiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirilýär.
“Makul Sözlükden” peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda, “www.makulsozluk.com” saýtyna girip bilersiňiz.
Gülsenem SEÝIDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler