Baky Bitaraplyk- durnukly ösüşiň özenidir!

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň we Ahal welaýat tebigaty goramak bölüminiň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär mekdebinde Garaşsyz Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk- durnukly ösüşiň özenidir» atly ylmy-ekologiki we medeni çäre geçirildi.

 «Baky Bitaraplyk- durnukly ösüşiň özenidir» atly ylmy ekologiki we medeni çäräniň  açylyş dabarasynda orta hünär mekdebiniň direktory Arzygül  Orazowa we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygynyň kömekçisi Batyr Orazmyradow dagy çykyş edip, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gyzgyn gutlar, olara okuwda we durmuşda üstünlikler arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri Leýli Şyhmadowa we Mähri Rejepowa Dabara gatnaşýanlara Haýwanat dünýäsiniň gäpleriniň sergisini we gözel tebigatymyzyň täsinlikleri  barada slaýdlary görkezmek bilen çykyş etdiler. 

Syýahatçylyk orta hünär mekdebiniňmugallymy Orazdurdy Saparow we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni Bäşim Muhyýew çarä gatnaşçýan talyplaryny 2 topara bölüp, olaryň arasynda tebigatymyza we ýurdumyza degişli bäsleşikli sorag-jogap gurnadylar hem-de ýeniji bolan topary Jemçyýetiň adyndan höweslendiriji sylaglary gowşurdylar.

.

Bäşim Muhyýew,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak
jemgyýetiniň hünärmeni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok